Top.Mail.Ru

Arhiw

Parižde geçen moda görkezilişinde «Gólli» türkmen modalar öýüniň kolleksiýasy tanyşdyryldy

17:4524.01.2024
0
50755

«Gólli» türkmen modalar öýi Pariž şäherinde geçirilen Oriental fashion show moda görkezilişinde zenan lybaslary kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Bu barada «Turkmenportal» web saýtynyň habarçysyna Modalar öýüniň wekilleri habar berdiler.

Bu kolleksiýa Türkmenistanyň taryhyndan we medeniýetinden ylham alyp döredilendir. Ondaky ähli lybaslar milli türkmen bezegleri we özboluşly nagyşlar ulanmak bilen ýüpekden tikilendir.

«Bu kolleksiýada häzirki zaman moda tendensiýalary bilen sazlaşdyryp, milli türkmen däp-dessurlarynyň ruhuny saklamaga synanyşdyk» – diýip, «Gólli» modalar öýüni esaslandyryjy Maýsa Gölliýewa belleýär. « — Toparymyz bolup high fashion prizmasy arkaly türkmen sungatynyň gözelligini dünýä çykaryp bilendigimize tüýs ýürekden buýsanýarys».

Oriental fashion show eýýäm 15 ýyl bäri dünýä bazarynda Gündogaryň däp bolan moda brendlerini tanatmak üçin iş alyp barýar. Bu sergi Parižde we beýleki 10 ýurtda geçirilip, dürli medeniýetleriň täsin mirasyna ünsi çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň