Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabadyň haýwanat bagynda Dursun lakamly gaplaň çagasy ilkinji gezek görkezildi

17:1324.01.2024
0
39927

Aşgabadyň haýwanat bagyna gelenlere Merkezi Aziýa gaplaňynyň Dursun lakamly alty aýlyk çagasy ilkinji gezek görkezildi.

"MIR 24-iň" habar berşi ýaly, gaplaň çagajygy tomusda doguldy we geçen wagtyň dowamynda ol çagasynyň ýanyna barmaga hiç kime rugsat bermeýän ejesiniň gözegçiligi astyndady. Olar ýörite enjamlaşdyrylan jaýda saklanyldy. Haýwanat bagynyň işgärleri gaplaň çagasynyň ösüp ulalmagy üçin iýmitden başlap, oňaýly jaýa çenli ähli amatly şertleri döretdiler.

Gaplaň çagasy eýýäm et iýýär, ýöne entek ene süýdünden ýüz öwürmeýär.

Haýwanat bagynyň ýyrtyjy haýwanlara ideg ediji işgäri Baýram Sarjaýew:

--- Bu ene gaplaňyň ikinji çagasy. Gaplaňyň özi, ýaşaýyş şertlerine baglylykda, nesillerine ideg etmek üçin wagt saýlaýar. Dursun hem ulaldy, ýöne biz ony beýleki gaplaňlara goýbermeýäris, entek ulalmagyna garaşýarys --- diýip gürrüň berýär.

Agzalan habar çeşmesiniň bellemegine görä, haýwanat bagynda dört sany uly ýaşly Merkezi Aziýa gaplaňy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň