Eýranyň futbol ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň üçünji tapgyrynda BAE-niň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.
Bu netije bilen üç duşuşygynda-da ýeňiş gazanan eýranly futbolçylar toparçada birinji orny eýeläp, pleý-offa çykdylar. BAE-niň ýygyndysy bolsa indiki tapgyra adyny ikinji orundan ýazdyrdy.
Duşuşykda ýeňiji toparyň gollarynyň ikisini hem hüjümçi Mehdi Taremi geçirdi. Ol 26-njy we 65-nji minutlarda tapawutlandy. Iki gola-da assisti «Romanyň» hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun berdi.