Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gomel» türkmenistanly futbolçyny gözden geçirýär

17:1123.01.2024
0
41365
«Gomel» türkmenistanly futbolçyny gözden geçirýär
Surat: championat.asia

Belarus Respublikasynyň «Gomel» futbol topary şu günler Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we «Ahalyň» futbolçysy Meýlis Diniýewi gözden geçirýär. Bu barada Janköýer habar berdi.

Ýarym goragçy Meýlis Diniýew Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen geçen ýyl Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşdy. Ýurduň ýaşlar ýygyndysynda bolsa ol üç duşuşyk geçirdi. 2022-nji ýylda «Ahal» bilen Türkmenistanyň çempiony bolan Meýlis Diniýew geçen ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynda hem bir assist bilen oýnady.

«Gomel» Belarusyň çempionatynyň Ýokary ligasynda geçen ýyl 15 toparyň arasynda altynjy orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň