Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýlary barlanylýan täze desgalar açyldy

10:3323.01.2024
0
34884

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraplarynyň polisiýa bölümlerinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny barlamaga we hasaba almaga niýetlenen täze desgalar açylyp ulanmaga berildi.

Açylyş dabaralary Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilip, täze desgalar polisiýa işgärlerine ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Dabaralarda aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Dabaralaryň barşynda desgalaryň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Açylyş dabaralaryndan soňra, olara gatnaşyjylar täze desgalar, olaryň iş otaglary, enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Bu barada HHM habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň