Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ikinji «NG Kutahya» gurluşyk materiallary we mebel dükany açyldy

10:1323.01.2024
1
28532

«Kutahya Seramik» türk kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory Aşgabatda ikinji dükanyny açdy.

Dükanda dürli göwrümli we reňkli keramogranitiň baý görnüşleri hödürlenýär. «Kutahya Seramik» haryt nyşanly keramogranit italýan tehnologiýalary boýunça öndürilýär we halkara hil standartlaryna laýyk gelýär. Bu material ýokary berkligi, zeperlenmä garşy çydamlylygy, çyglylyga we sowuga garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin keramogranit plitalar, köplenç, pollary örtmek üçin ulanylýar.

Şeýle hem täze dükanda hödürlenýän öý we bag üçin örülen mebelleriň görnüşleri: diwanlar we kürsüler, pufikler, yranýan kürsüler, kofe stollary, oturgyçlar we nahar stollary müşderileriň göwnünden turar. Mebel bilen bir toplumda gelýän ýumşak ýassyklar ony rahat we amatly edýär. Ýassyklaryň üstündäki aýrylýan daşlyklary bolsa kir ýuwulýan maşynda ýuwup bolýar, bu bolsa mebellere ideg etmegi aňsatlaşdyrýar.

«NG Kutahya» dükanlaryndaky görnüşler müşderilere mebelleriň we pol örtükleriniň iň täze toplumlaryny hödürlemek üçin yzygiderli täzelenýär.

Täze «NG Kutahya» dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Hoja Ahmet Ýasawy köç., «Ýakymly Kümüş Suwy» binasy. Telefon 611 611.

Şeýle hem dükanda hödürlenýän önümler bilen «Kutahya Seramik» kompaniýasynyň sosial ulgamdaky sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Fotoreportaž: Aşgabatdaky NG Kutahya dükany: öý we bag üçin örülen mebelleriň görnüşleri

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň