Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy

04:1423.01.2024
0
30606

Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynyň barşynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerler ekişe taýýarlanylýar. Hususan-da, olarda sürüm, tekizleme, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýarlamak bilen bir hatarda, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin tohumlyk pagtany pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär.

Häkimler welaýatlarda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerlerini we tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça, şeýle-de ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda geçirilýän arassalaýyş işleri barada-da hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany häkimlere bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegini tabşyrdy.

Şeýle-de häkimlere gowaça ekiljek ýerleri, sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görlüşini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň, pagtaçylar üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine taýýar edilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini, hususan-da, bu ekinleriň tohum üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň