Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisinde Şweýsariýanyň ilçisinden ynanç haty kabul edildi

03:3823.01.2024
0
30193

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteliden ynanç hatyny kabul etdi.

D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Ilçi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ozal ilçiniň Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda kabul edilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň