Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly dzýudoçylar baýrak gaznasy 154 müň ýewro bolan halkara ýaryşa gatnaşarlar

17:2422.01.2024
0
26507

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysynyň agzalary 2 ― 4-nji fewral aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek «Uly tuwulga» ýaryşyna gatnaşar. Ýaryş erkekleriň we zenanlaryň arasynda her haýsyndan 7 agram derejesinde 680 türgeniň gatnaşmagynda geçiriler.

Halkara Dzýudo federasiýasynyň resmi saýtynyň (IJF) habar berşi ýaly, Türkmenistan ýaryşa 8 türgen bilen gatnaşar.

Has takygy, ýurduň erkekler ýygyndysyna Aýbek Omirow (60 kilograma çenli agram derejesinde), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (ikisi hem 66 kilograma çenli agram derejesi), Mämmedaly Açyldyýew (90 kilograma çenli) we Baýmyrat Majanow (100 kilograma çenli) dagylar wekilçilik eder.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynda bolsa Gurbanaý Gurbanowa (48 kilograma çenli), Maýsa Pardaýewa (57 kilograma çenli) we Zülhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli) dagylar ýaryşar.

Pariž ýaryşynyň baýrak gaznasy 154 müň ýewrodyr. Bu paýdan altyn medalyň eýeleri 5 müň, kümüş medalçylar 3 müň, bürünç medal gazanan türgenler bolsa 1,5 müň ýewro gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň