Soňky habarlar

Arhiw

Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Katara bardy

11:0622.01.2024
0
16664
Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Katara bardy
Surat: tj.sputniknews.ru

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Katara bardy. Döwlet baştutanynyň ýanynda uly hökümet topary bar diýip, «tj.sputniknews.ru» ýazýar.

Geçen ýylyň tomsunda Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tani döwlet sapary bilen Täjigistana barypdy. Ýokary derejeli duşuşyklaryň netijesi boýunça hyzmatdaşlyk barada resminamalaryň 15-sine gol çekildi.

Ýurtlar ykdysady, söwda, maliýe, senagat, ulag, energetika, oba hojalyk, ýaşyl we sanly ykdysadyýet, salgyt, maýa goýum, medeniýet we syýahatçylyk ýaly ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýarlar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň