Şu gün — 19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri barada hasabat berdi.
"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda birnäçe teklipler hödürlenildi. Hususan-da, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde Bitaraplygyň ornunyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde howpsuzlygy pugtalandyrmakda we ynamy berkitmekde bitarap ýurtlaryň orny» atly halkara maslahaty şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda geçirmek teklip edildi. Bu çärä ÝHHG agza ýurtlaryň hemişelik wekillerini çagyrmak göz öňünde tutulýar.
Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän «Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň» esasy ugurlaryny, şeýle hem ýüze çykýan dürli halkara ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde bitaraplygyň wajyp gurallaryny ulanmak, syýasy dialogyň medeniýetini dikeltmek ýaly meselelere seretmäge mümkinçilik dörediler.
Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny parlament agzalarynyň üsti bilen goldamak babatynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin şu ýylyň maý aýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi hem beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de ýurduň abraýly halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň döwletiň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.