Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri wagt tapyp kabul edendigi we duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly döwletiň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti şu saparyň çäklerinde geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna hem-de ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýokary derejede alnyp barylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar has-da berkidilýär.
Söhbetdeşligiň barşynda nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy pikire görä, bu ulgamda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.
— Bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek hem-de iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça özara pikir alyşmalaryň peýdaly boljakdygyna ynanýaryn — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de türkmen tarapynyň netijeli teklipleri we başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk hem-de işlerinde üstünlikleri arzuw edip, soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.