17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazowyň Ermenistannyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, şol sanda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem şertnama-hukuk resminamalarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilçi M.Aýazow 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçjekdigi, şeýle hem ilçihana tarapyndan türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-medeni çäreleriň birnäçesiniň geçirilmeginiň meýilleşdirýändigi barada habar berdi.
Duşuşykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseläniň üsütünde durlup geçildi.