Italiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow bilen Italiýa Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
15-nji ýanwarda bolan duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn ähmiýete we üstünlige eýe bolandygy nygtaldy. Taraplar iki ýurduň liderleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda halkara guramalaryň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek hem-de ylmy, medeni, söwda we ykdysady ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, hususan-da degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmek, medeni çäreler, hukuk binýadyny berkitmek, şeýle hem iki ýurduň ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri guramak arkaly ikitarapalýyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ädimler barada aýdylyp geçildi.