Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň ilaty 37 milliona golaýlady

16:3717.01.2024
0
21972
Özbegistanyň ilaty 37 milliona golaýlady
Surat: mir24.tv

Özbegistanyň ilaty 36,799 million adama ýetdi diýip, ýurduň Statistika barada agentligi 1-nji ýanwarda habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Geçen 2023-nji ýylda Respublikanyň ýaşaýjylarynyň sany 775 müňe golaý artdy (2,2 göterim ösüş). Ady agzalan edaranyň maglumatlaryna görä, geçen ýylyň başynda ilatyň umumy sanynda zenanlaryň paýy 18 274 745, erkekleriňki – 18 525 011 adama deň boldy.

Özbegistanda zähmete ukyply ýaşdan kiçi raýatlaryň sany 31,7, zähmete ukyplylar – 56,8 we bu ýaşdan ýokarylaryň sany 11,5 göterime deň diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň