Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Koreý ilçisi Aşgabatdaky Innowasiýa maglumat merkezine baryp gördi

11:4418.01.2024
0
41859

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ji Kýu-Tek 12-nji ýanwarda Aşgabatdaky Innowasiýa maglumat merkezine baryp, ol ýerde mümkinçiligi çäkli adamlary we pensiýa ýaşyndakylary öz içine alýan bilim maksatnamalary bilen tanyşdy, şeýle-de merkezde ulanylýan okatmagyň usullary barada aýdyň düşünje almak üçin koreý dilini öwrenmek boýunça açyk sapaga gatnaşdy.

Ilçiniň merkeziň wekilleri bilen geçiren özara pikir alyşmasynyň dowamynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti barada durlup geçilip, bu ýyl beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň ömrüne hem-de edebi mirasyna bagyşlanan milli we halkara derejesindäki dürli çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da, ilçi mümkinçiligi çäkli adamlar üçin taýýarlanan programmany, ýagny kompýuterlerdäki we smartfonlardaky ýazgylary sesli okamak mümkinçiligine eýelik edýän görşi pes adamlara niýetlenen tehnologiýany peýdalanmak boýunça guralan treninge gatnaşdy.

Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ýerleşýän Innowasiýa maglumat merkezine saparynyň çäginde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi hem-de bu kitap ilçä sowgat berildi.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilim we medeni başlangyçlara goldawyň hem-de dostlugyň nyşany hökmünde Innowasiýa maglumat merkezine koreý dilini öwrenmek we öwretmek boýunça taýýarlanan kitaplaryň birnäçesini sowgat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň