2024-nji ýylda ilkinji gury ýük gämileri Türkmenbaşynyň deňiz portuna geldi

13:2517.01.2024
0
30288

11-nji ýanwarda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň terminalyna Bakuwdan ýük daşaýan «Türkmenistan» atly gury ýük gämisi gelip durdy. Onuň yzysüre bolsa konteýnerler ýüklenilen «Magtymguly» atly gury ýük gämisi porta geldi. «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bular 2024-nji ýyldaky ilkinji gury ýük gämi gantawlarydyr.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda gury ýük gämileri Türkmenistanyň deňiz ýük daşaýjysy bolan «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň önümçilik meýilnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine önjewýli goşan goşupdylar.

Maglumat üçin, häzirki bar bolan ugurlar Türkmenbaşyny Astrahan, Aktau, Mahaçkala, Baku, Ýenizeli, Nauşehr, Bender-Türkmen portlary bilen birleşdirýär.

Mundan ozal, Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň gämileriniň 2023-nji ýylda 2 million tonnadan gowrak ýükleri daşandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň