Messi FIFA tarapyndan 2023-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi

14:5516.01.2024
0
18409

Londonda FIFA-nyň «The Best» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabarada ýylyň iň gowy futbolçysy üçin esasy baýraga argentinaly Lionel Messi mynasyp görüldi.

36 ýaşly Messiden başga-da, baýraga norwegiýaly Erling Haland we fransiýaly Kilian Mbappe hem dalaşgärlik etdiler.

Iň gowy tälimçi diýlip «Mançester Siti» toparynyň tälimçisi Pep Guardiola saýlandy. Ol Angliýanyň Premýer ligasynda, Angliýanyň kubogynda we UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ýeňiji bolup, 2022/23 möwsüminde trebl etmegi başardy.

«Mançester Siti»-niň derwezebany Ederson ýylyň iň gowy derwezeçisi diýen baýragy eýeledi. Braziliýaly Gilýerme Madruga iň owadan goluň awtory diýlip yglan edildi.

FIFA-nyň saýlamagy boýunça ýylyň simwolik ýygyndysy: Tibo Kurtua («Real Madrid»), Kaýl Uoker, Jon Stounz, Ruben Diaş (ählisi — «Mançester Siti»), Jud Bellingem («Borussiýa Dortmund» / «Real Madrid»), Kewin De Bruýne, Bernardo Silwa (ikisem — «Mançester Siti»), Winisius Junior («Real Madrid»), Lionel Messi («PSG» / «Inter Maýami»), Erling Haland («Mançester Siti»), Kilian Mbappe («PSG»).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň