Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag we Stambul şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

20:3215.01.2024
0
19842

Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň gubernatory Dawud Gülüň şu günki duşuşygynda iki ýurduň şäherleriniň arasynda doganlaşan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak, şeýle hem Arkadag we Stambul şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, gepleşikleriň barşynda Stambulda ýaşaýan türkmenleri goldamaga gönükdirilen medeni çäreleriň geçirilmegine aýratyn üns çekildi.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň ýaşlar meselesine uly ähmiýet berýändigi we olaryň döwlet ösüşindäki ornuny pugtalandyrmak üçin ähli goldawy berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, M.Öwezow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar —Watanyň daýanjy» atly kitaby barada gürrüň berdi.

Taraplar Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýyldaky bilelikde ýerine ýetirilmeli işler barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň