Türkmenistan we Gazagystan görnükli medeniýet işgärleriniň heýkelleriniň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşdylar

19:1217.01.2024
0
40836

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa bilen duşuşdy. Duşuşykda medeni we ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň meseleleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, türkmen ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Hususan-da, diplomatlar Astanada görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň we Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaý oglunyň heýkelini döretmek baradaky ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine ünsi çekdiler.

Bellenilişi ýaly, Abaý Kunanbaý oglunyň heýkelini türkmen paýtagtynda gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde gurmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan Gazagystany beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek Medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen diplomaty Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministrine «Arkadag — geljegiň şäheri» atly kitaby sowgat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň