Şu gün — 12-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow ýurduň gurluşyk-senagat toplumyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu işlere ýurduň telekeçilik düzümleriniň wekilleri hem işjeň çekilýär.
Wise-premýer öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri, hususan-da, dürli ölçegdäki polat turbalary öndürjek täze döwrebap bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada aýdyp, degişli teklibi beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurduň özünde öndürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany döwlet we hususy tarapyň gatnaşmagynda önümçilik kärhanasyny döretmek barada beýan edilen teklibi makullap, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.