Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, mejlisde käbir resminamalaryň taýýarlanan taslamalary hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň işi barada maglumat berdi. Şunda häzirki wagtda ýurtda maşgala, raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kadalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň hereket edýän kodekslerine üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi barada aýdyldy. Şeýle-de täze kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Mejlisiň deputatlarynyň döwlet syýasatyny, ýurtda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň we 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, onuň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli çärelere gatnaşýandyklary, metbugatda hem-de teleradioýaýlymlarda çykyş edýändikleri barada hem habar berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti käbir resminamalara-da gol çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we ýurduň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.