Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 9 — 11-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Dag magdany boýunça üçünji halkara sergi-maslahatyň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişine görä, çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti ministrler derejesinde geçirilen tegelek stoluna we dürli mowzuklaýyn mejlisleriň işine işjeň gatnaşdy. Mejlislerde dag magdan önümçiliginiň gelejegi hem-de önümçiligiň tebigata ýetirýän zyýanynyň aňrybaş derejede azaldylmagy boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Türkmen wekiliýeti sergä gatnaşmak bilen, özüniň isleg bildirýän hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi bar bolan ugurlar boýunça degişli şereketleriň wekilleri bilen göni aragatnaşygy ýola goýdy diýlip, habarda bellenilýär.