Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylda 9,5 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana baryp gördi

16:0911.01.2024
0
35522
2023-nji ýylda 9,5 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana baryp gördi
Surat: club-miry.ru

2023-nji ýylyň dowamynda 9,5 müňden gowrak türkmenistanly garyndaşlaryny görmek üçin Özbegistana bardy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, ýurda garyndaşlaryny görmek üçin gelen raýatlarynyň sany boýunça Täjigistan liderlik edýär. Hasabat döwründe 2 million 30 müňden gowrak täjigistanly şol maksat bilen Özbegistanda bolupdyr. Soňra degişli yzygiderlilikde Gyrgyz Respublikasynyň (1 million 702 müň), Gazagystanyň (1 million 245 müň) hem-de Türkiýäniň (49,3 müň) ady getirilýär. Geçen ýylyň dowamynda 9,6 müň sany raýaty garyndaşlaryny görmek üçin goňşy ýurda baran Türkmenistan bolsa sanawyň ilkinji bäşligini jemleýär.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň dowamynda Özbegistana garyndaşlaryny görmek üçin baran daşary ýurtlularyň umumy sany 5 milion 561 müňe deň bolupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň