Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy, syýasy ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini goraýjy Ruslan Jumaýew vestiabad.ru neşiri üçin geçirilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň durnukly ösüşi pudagynda global Gün tertibini düzmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.
Onuň bellemegine görä, Türkmenistan BMG-de global ulag ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen konstruktiw başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şeýle başlangyçlar Bütindünýä durnukly ulag gününiň döredilmegini, üstaşyr geçelgeleriň orny we dürli ulag görnüşleriniň arabaglanyşygy hakyndaky kararnamalary kabul etmegi öz içine alýar.
Bilermen Türkmenistanyň soňky başlangyçlarynyň arasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldaw tapan 2026—2035-nji ýyllarda Durnukly ulag onýyllygyny yglan etmek baradaky teklibe ünsi çekdi.
Jumaýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň ulag logistikasynyň global meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmagy jogapkär we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurduň dünýä arenasyndaky abraýyny artdyrýar.