Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky «Petronas Çarigali» kompaniýasy işe çagyrýar

11:0411.01.2024
0
111402

«Petronas Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy nebit ýataklaryny tamamlaýyş toplumy boýunça hünär derejesi ýokary hem-de iş ýeri Aşgabatda bolan hünärmeni gözleýär.

«Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berlişi ýaly, ähli dalaşgärler şu aşakda görkezilen şertler boýunça ähli maglumatlary hem-de gerekli bolan resminamalary hödürlemelidirler:

  • Bilimi: nebiti we gazy gazyp almagyň tehnologiýasy pudagynda ýokary bilimi bolmaly.
  • Iş tejribesi: Nebitgaz senagatynda 7 ýyllyk iş tejribesi bolmaly.
  • Bilýän dilleri: Iňlis dilinde erkin gepläp we ýazyp bilmeli.
  • Başarnyklary we ukyplary: «Lendmark» programma üpjünçiligi toplumy ýa-da nasos-kompressor turbalaryndaky basyşy analiz etmek boýunça şonuň ýaly inženerçilik programma üpjünçiligi. MS Offce programmalary (MS Word, MS Excel), enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin gurallar we programma üpjünçiligi.

Arzalary «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisinden alyp bilersiňiz: Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý (B blok).

Doldurylan arzalar kompaniýa tabşyrylmalydyr ýa-da elektron poçta arkaly familiýany, ady we atasynyň adyny, şeýle-de hödürleýän boş iş wezipäňi görkezmek bilen, şu bildiriş çap edilen wagtyndan bir hepde geçmänkä recruitment.tm@petronas.com.my salgysyna iberilmeli.

Diňe bildirilýän talaplara has laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar diýlip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň