Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» konditer dükanlary bulgurlarda datly süýjülikleri hödürleýär

11:0611.01.2024
0
34707

«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň tory Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna bir gezeklik bulgurlarda ýanyň bilen işe ýa-da gezelenje alyp gitmäge oňaýly bolan datly süýjülikleri hödürleýär.

Bu mini-desertleriň satuwda iki hili: «Snikers» hem-de «Miweli» görnüşleri hödürlenen. Olar iň täze we ter önümlerden peýdalanylyp, original tagamnamalaryň esasynda taýýarlanylandyr.

«Snikers» süýjüliginiň özboluşly şokolad tagamy daň säherde kofe bilen şähdiňi açmaga örän göwnejaýdyr. Ajaýyp «Miweli» miks bolsa, günortanlygyň üstüni çaý bilen ýetirmäge ýardam eder.

Süýjülikli bulgurlary Aşgabatda ýerleşýän «Zyýat Hil» dükanlarynyň üçüsiniň islendik birinden satyn alyp bilersiňiz. Bu dükanlaryň iş tertibi her günde sagat 8:00-dan 22:45-e çenli.

«Zyýat Hil» dükanlarynyň assortimentinde tortlaryň, piroglaryň, keksleriň, kökeleriň köp sanly görnüşleriniň bardygyny ýatladýarys. Bu ýerde medowikler, biskwit tortlary, «snikers», «mars», «baunti» huruşly şokolad süýjülikleri bar.

Bu konditer dükanlaryndan süýjülik önümleriniň 150 manatdan ýokary möçberde satyn alnan ýagdaýynda eltip bermek hyzmaty tölegsiz ýerine ýetirilýär.

Durmuş toýy üçin taýýarlanylan özboluşly tortlar, ýubileý hem-de çagalar üçin niýetlenen tortlar «Zyýat Hil» dükanlarynyň aýratyn bellenmäge mynasyp önümleridir. Konditer dükanlarynyň tortçy hünärmenleri dizaýny, keşbi hem-de göwrümi boýunça dürli hili tortlary taýýarlap, müşderileriň isleglerini hasyl etmäge taýýardyrlar.

Bu dükanlar torunyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynyň «Seýran» söwda merkezinde ýerleşýän konditer dükanynda doglan güni ýekşenbe gününe düşýän her bir adam üçin tortlara 50% arzanladyşyň dowam edýändigini ýatladýarys.

Aşgabatdaky «Zyýat Hil» dükanlarynyň salgylary we telefon belgileri:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 hem-de (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň