«Zyýat Hil» doglan güni dynç güne düşýän müşderilere tortlary 50% arzan berýär

15:3205.01.2024
0
52387

Aşgabatdaky «Seýran» söwda merkezinde ýerleşýän «Zyýat Hil» konditer dükany doglan güni dynç güne düşýänler üçin tortlaryny 50% arzan bahadan ýetirýär.

Bu mümkinçilikden peýdalanmak üçin sargyt edilende pasportyň asyl nusgasyny ýa-da göçürme nusgasyny görkezmelidir.

«Zyýat Hiliň» assortimentinde bolsa — medowik, «Snikers», «Polýot», miweli, şokoladly-maňyzly, «Gyzyl barhat», «Ferrero», mak-limonly we beýlekiler ýaly dürli görnüşli tortlar bar.

Bu arzanladyş diňe şu görkezilen salgydaky dükanda ýetirilýär: Aşgabat ş., Garadaşaýak ýaşaýyş jaý toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62.

«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň Aşgabadyň eteginde ýene-de iki sany söwda nokadynyň bardygyny ýatladýarys:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, habarlaşmak üçin telefon belgileri (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň