Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni mynasybetli dabara geçirildi

15:3210.01.2024
0
18220

Bütindünýä hindi dili güni mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda çäre geçirildi. Ol bu ýokary okuw mekdebi we Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Şeýle çäre bütin dünýäde hindi dilini tanatmak üçin geçirilýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Dabaraly çärä Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem gatnaşdy. Şeýle hem çärä diplomatik wekilhananyň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Habarda bellenilişine görä, institutda hindi dili 2009-njy ýyldan bäri öwrenilýär. Bu ýerde 15 ýyldan gowrak wagt bäri her ýyl Bütindünýä hindi dili güni bellenilýär. Diňe bu dili öwrenýän talyplar däl, eýsem, beýleki talyplar hem oňa işjeň gatnaşýarlar. Talyplar sahnada edebi kompozisiýalary ýerine ýetirdiler, hindi dilinde goşgy okadylar, hindi kinofilmleriniň tanslary bilen çykyş etdiler. Institutda tematiki sergi hem guraldy.

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi doktor Widhu P.Naýr öz çykyşynda iki döwletiň dostlukly hyzmatdaşlygynyň netijesinde medeniýetleriň özara baýlaşdyrylýandygyny, parahatçylyk, ynsanperwerlik babatda uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn nygtady diýlip, habarda bellenilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň