Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanda aw baýlyklarynyň kadastrlaryny ýöretmegiň täze tertibi tassyklandy

13:5010.01.2024
0
40549

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi aw baýlyklarynyň döwlet kadastrlaryny ýöretmegiň täze tertibini tassyklady. Resminamanyň mazmuny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumat portalynda çap edildi.

Aw baýlyklarynyň döwlet kadastryny ýöretmegiň tertibi «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 7-nji bendine laýyklykda işlenip taýýarlandy we Türkmenistanyň çägindäki aw baýlyklary baradaky maglumatlary bir umumy resminama toplamagyň, jemlemegiň, peýdalanmagyň, ulgamlaşdyrmagyň tertibini kesgitleýär.

Döwlet kadastry aw baýlyklarynyň durnukly peýdalanylmagyny üpjün etmek, aw baýlyklarynyň rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna, şeýle hem olaryň ýagdaýynyň üýtgemelerine gözegçiligiň (monitoring) geçirilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrmak, aw baýlyklarynyň sanynyň belli bir derejede saklanylmagyna we ýokarlanmagyna gönükdirilen çäreleri geçirmek, aw baýlyklary babatynda zerur maglumatlary bir ulgama jemlemek maksady bilen ýöredilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň