Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabatda türk filmleriniň sazlary ýaňlandy

10:2509.01.2024
0
22264

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň konserti boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Konsert maksatnamasy meşhur türk teleseriallarynyň sazlaryndan ybarat boldy.

«Ajaýyp asyr» filminiň sazynyň ilkinji kakuwlaryndan tomaşaçylar şowhunly el çarpdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Konsert maksatnamasynda «Hercai», «Erkenci Kuş», «Çukur», «Kara Sevda», «Çalikuşu», «Kuruluş Osman» we başga filmleriň sazlary ýaňlandy. Şeýle hem «Kiralik sevda» serialynyň sazy ýerine ýetirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Röwşen Nepesowyň orkestriniň ýerine ýetiren türk filmleriniň sazlary tomaşaçylara çuňňur lezzet berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň