Soňky habarlar

Arhiw

Änewiň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» bolmagy mynasybetli çärelere düýpli taýýarlyk görmek tabşyryldy

02:5507.01.2024
0
43606

Türkmenistanda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýokary derejedäki çäreleri geçirmäge taýýarlyk görülýär. Giň gerimli medeni çäreleriň çäklerinde konsert, türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi guralar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün — 6-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gadymy Änew şäheriniň adamzat medeniýetiniň gülläp ösen merkezleriniň biridigini nygtady.

Döwlet Baştutany bu şäheriň asyrlaryň dowamynda dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýändigini we gadymy döwürlerden bäri tutuş dünýäde bellidigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň