Turkmenportal logo
02.11.24
1572215722
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türki Döwletleriň Guramasynda başlyklyk Gazagystandan Gyrgyzystana geçer
Türki Döwletleriň Guramasynda başlyklyk Gazagystandan Gyrgyzystana geçerSurat: report.az

6-njy noýabrda Bişkek şäherinde boljak Türki döwletleriň guramasynyň sammiti «Türki dünýäniň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi: ykdysady goşulyşmak, durnukly ösüş, sanly geljek we hemmeler üçin howpsuzlyk» diýen şygar astynda geçer. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar.


Habarda TDG-niň ýurtlarynyň Liderleri ykdysadyýet, söwda, sanly maglumat, ulag we howpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar, guramanyň wajyp taslamalary boýunça çözgütleri kabul ederler hem-de degişli resminamalara gol çekerler diýlip bellenýär. Şol sanda sebitde ykdysady we syýasy ýagdaýlara baha berler, türki dünýäniň birligini berkitmek hem-de ösdürmek babatda pikir alşylar.


Sammit tamamlanandan soňra guramada başlyklyk Gazagystandan Gyrgyzystana geçer.


Çäräniň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary Bişkek Beýannamasyna gol çekerler.