Soňky habarlar

Arhiw

Täze «Boeing 777-300ER» kysymly ýolagçy uçary Aşgabat — Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy

07:2806.01.2024
0
38925

Aşgabadyň Halkara howa menziline gelen ikinji täze «Boeing 777-300ER» kysymly ýolagçy uçary Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.

Döwrebap howa gämisi 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply. Onda 2 sany «GE90-115BL2» görnüşli hereketlendiriji ornaşdyrylan. Bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390 km deň bolup, ol 40 tonna çenli göwrümli ýük bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul edendigini bellemek gerek. Häzirki zaman «Boeing 777-300» kysymly täze ýolagçy uçarynyň Aşgabat — Bangkok howa gatnawyny amala aşyrýadygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň