Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen uniwersitetleri CLEC bilen hytaý dilini öwredýän mugallymlary taýýarlamak barada ylalaşyk baglaşdy

14:0605.01.2024
0
38468

Hytaýyň Dil bilim we hyzmatdaşlyk merkezi (CLEC) Türkmenistanyň üç sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi bilen hytaý dili mugallymlary hünär derejesini ýokarlandyrmakda goldaw bermek barada ylalaşyk baglaşdy. Bu barada HHM habar berdi.

Bellenilişi ýaly, CLEC-iň baş müdiri Ma Szýansiniň Aşgabat şäherine eden saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorlary bilen möhüm resminamalara gol çekişildi.

Gol çekilen şertnamalara laýyklykda, CLEC bu ýokary okuw mekdeplerine ýokary derejeli hytaý dili mugallymlaryny taýýarlamakda goldaw berer. Şeýle-de, başlangyç ýokary okuw mekdeplerindäki barha artýan islegini kanagatlandyrmak üçin hytaýly mugallymlary Türkmenistanyň hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerine ibermegi hem öz içine alýar.

CLEC-iň maglumatlaryna görä, soňky 10 ýylda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda medeniýet we bilim pudagynda hyzmatdaşlgyň gerimi görnetin giňdei. Häzirki wagtda Türkmenistandaky 10-dan gowrak orta mekdepde hytaý dili okadylýar we daşary ýurt dillerini öwredýän okuw merkezlerinde hytaý dili kurslary hereket edýär.

Ýeri gelende bellesek, CLEC Hytaýyň Bilim ministrligi garamagyndaky girdeji gazanmaýan bilim edarasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň