Lebap sement zawodyndan 2023-nji ýylda 107 müň 482 tonnadan agdyk sement Özbegistana ugradyldy.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, goňşy ýurtduň wekili lebap sementiniň hiliniň ýokarydygyny, bahasynyň amatlydygyny aýdýar.
Habarda bellenilişi ýaly, zawodyň degişli 4 barlaghanasynda 28 işgär işläp, olaryň ählisiniň-de işini bilýän we daşary ýurtlardan alnan döwrebap tehnologik enjamlardan gowy baş çykarýan hünärmenlerdir. Zawodda himiki, fiziki, rentgen, spektrografiýa seljermeleri öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirilýär.
— Her bir önümçilik ulgamynda önümiň hili bilen birlikde, onuň özüne düşýän gymmatynyň-da aşak bolmagy esasy görkezijileriň hatarynda durýar. Ulanýan çig malymyz zawoda ýakyn ýerden alynýar. Şol çig malyň düzüminde sement üçin zerur magdanlar bar. Hek, kwars, gips, toýun we beýleki zerur önümler bizde sementiň özüne düşýän gymmatyny peseldýän sebäpler bolup durýar — diýip, zawodyň ykdysadyýet bölüminiň esasy hünärmeni Gözel Jumanazarowa gürrüň berýär.