ABŞ-nyň Oklahoma ştatyndan Uillis Gibson atly ýetginjek taryhda ilkinji bolup, «Tetris» oýnunyň asyl nusgasyny doly geçmegi başardy. Bu barada «The New York Times» gazetine salgylanýan «Ren.tv» habar berdi.
13 ýaşly Gibson «Nintendo» enjamynda oýnuň 157-nji derejesine ýetdi, hut şu derejede oýun maksatnama çäklendirmesi bilen baglylykda, 999999 hasapda «togtaýar».
Öň ady tutulan oýnuň bu derejesine diňe emeli aň ýetipdi.