Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar

11:1803.01.2024
0
96686

Ýanwar aýynyň başyndaky ýagdaýa görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 8 ýurda 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen uçuşlaryň tertibinde habar berilýär.

Uçuşlaryň aglaba bölegi Russiýa Federasiýasyna amala aşyrylar. Has takygy, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary Moskwa (3655,8 manat) hepdede 5 gezek we Kazana (4954,3 manat) bolsa hepdede 4 gezek gatnar. Petekleriň bahasy turkmenistanairlines.tm saýtynda görkezilendir.

Şeýle-de, BAE-niň Abu-Dabi (3942,3 manat) şäherine hepdäniň anna güni, Dubaýa (3935,3 manat) bolsa hepdäniň duşenbe we çarşenbe günleri uçuşlar amala aşyrylar.

Mundan başga-da, London (5950 manat), Maýnuň boýundaky Frankfurt (5950manat), Bangkok (5151,3 manat), Pekin (5152 manat) we Deli (4252,5 manat) şäherlerinde hepdede bir gezek gatnaw ýola goýlandyr. Stambul (4945,5 manat) şäherine bolsa uçuşlar gündelik amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň