Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýada bolan ýertitremä gynanç bildirdi

03:5103.01.2024
0
26846

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Ýaponiýanyň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýertitreme zerarly gynanç hatlaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň