Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygy günlerinde şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutany 29-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde baýramçylyk günlerinde raýatlar gowy dynç alar ýaly ähli şertleri döretmek üçin ýurduň medeni-dynç alyş edaralarynda, teatrlarynda we sirklerde gyzykly çykyşlary guramagyň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de teleradioýaýlymlarda täsirli gepleşikleri bermegiň möhümdigini nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygy günlerinde şäherlerde we obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, ilata aragatnaşyk hyzmatlarynyň bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ilata söwda hyzmatyny talabalaýyk ýola goýmagyň, bazarlarda we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň bolçulygyny üpjün etmegiň zerurdygy bellenildi.
Hökümet mejlisinde baýramçylyk günlerinde her bir ýolbaşça nobatçylygy ýokary derejede guramak tabşyryldy. Bellenilişi ýaly, baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçy bellenilmelidir.
Mejlisde jemagat hojalygy, elektrik, suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, jemgyýetçilik ulaglarynyň we dükanlaryň takyk hem-de bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Şeýle-de döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara baýramçylyk günleri raýatlar gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçer ýaly, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.