Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýyl Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi

04:2730.12.2023
0
51777

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň şygary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. TDH-nyň habar bermegine görä, bu barada 29-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde aýdyldy.

Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Mejlisiň Başlygynyň belleýşi ýaly, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurduň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlardan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy soňra degişli karary dolulygyna okady we döwlet Baştutanynyň garamagyna geljek ýylyň nyşanyny hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany milli parlamentiň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleriniň, deputatlaryň we halkyň geljek ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky beýan eden teklibini makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Belläp geçsek, Türkmenistanda her ýyly, möhüm wakalary bilen baglylykda, mynasyp şygar bilen atlandyrmak türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça asylly däbe öwrüldi.

2023-nji ýyl Türkmenistanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň