Aşgabatda bolýan döwründe asly türkmen bolan meşhur eýranly aýdymçy Emin Rasen Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördi. Bu ýerde ol Türkmenistanyň taryhy we ajaýyp milli medeniýeti baradaky eksponatlar bilen tanyşdy.
Muzeýe baryp görmek aýdymçyny ruhlandyrdy, ol muzeýde saklanýan milli gymmatlyklara ýokary baha berdi diýip, Halkara maglumat merkezi habar berýär.
Şol gün agşam Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Emin Raseniň şowhunly konserti boldy. Iki sagat dowam eden tomaşada aýdymçy iň gowy aýdymlarynyň we täze eserleriniň hemmesini diýen ýaly ýerine ýetirdi. Tomaşaçylar aýdymçynyň döredijiligini gyzgyn garşyladylar.
Emin Rasen türkmen halk äheňlerini pop we rep sungatynyň häzirki zaman ritmleri bilen utgaşdyrýar. Aýdymçy köp sanly belli aýdymlaryň we abraýly baýraklaryň eýesidir.
Mundan öň Emin Raseniň türkmen aýdymçylary bilen bilelikde şekilli aýdymlary düşürendigini habar beripdik.