Türkmenistanda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün — 20-nji dekabrda degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen kabul edildi.