Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Tokaýewi Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

16:0016.12.2023
0
23300

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

"Biziň halklarymyzy köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny bellemek guwandyryjydyr. Gazagystan Türkmenistanyň ygtybarly dosty hem hyzmatdaşy bolup gelýär. Biziň hyzmatdaşlygymyz ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň netijesinde pugtalanmagyny we ösmegini dowam etdirýär. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar dürli pudaklary, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni, bilim, ulag we beýleki ugurlary öz içine alýar. Biz halklarymyzyň bähbidi üçin mundan beýläk-de özara düşünişmegi pugtalandyrarys we ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelderis" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň