Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Tatarystan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär

06:1916.05.2024
0
9006

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Milli Lideriň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Şu günler Kazanda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Gahryman Arkadag 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek. 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli halkara çäräniň işine ýurdumyzyň wekiliýeti ençeme gezek gatnaşdy. Munuň özi türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hem-de Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň tassyklaýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň bilelikdäki awtoulag kerweni howa menzilinden Kazan Kremline tarap ugrady. Bu taryhy-binagärlik toplumynyň çäginde Tatarystanyň Baştutanynyň resmi kabulhanasy ýerleşýär.

Bu ýerde Gahryman Arkadag we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany çaý başynda söhbet edip, dost-doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilen hem-de köpugurly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda Türkmenistanyň we Tatarystanyň türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň strategiýasyna, uzak möhletleýin özara bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň duşuşygy geçirildi. Oňa iki tarapyň wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar.

Tatarystanyň Baştutany Gahryman Arkadagy ýene bir gezek mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» halkara ykdysady forumyna hem-de jebisleşdiriji halkara jemgyýetçilik meýdançasy bolup çykyş edýän «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Kazana gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Türkmenistan bilen Tatarystan

Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça barha ösdürilýändigini aýdyp, Rustam Minnihanow netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hyzmatlaryny aýratyn belledi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we Türkmenistanyň depginli ösüşini, halkara abraýyny şertlendiren döredijilikli syýasatyň häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Ol Tatarystanda Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini aýdyp, bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine öz tarapyndan hemmetaraplaýyn ýardam beriljekdigini belledi hem-de doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Tatarystanyň Baştutany bilen Kazanda duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy, şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýollan mähirli salamyny ýetirdi. Bu ýerde doganlyk tatar halkynyň bize bolan aýratyn hormatyny, tüýs ýürekden we mähirli gatnaşygyny duýýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

«Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» halkara ykdysady forumyna we «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri ähli meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Kazanda Russiýa Federasiýasynyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen şeýle uly ähmiýetli forumyň geçirilmegi Tatarystanyň uly abraýynyň hem-de oňa ýokary halkara gyzyklanmanyň nyşany bolup durýar. Gahryman Arkadag şular barada aýtmak bilen, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň hem-de dürli meýdançalarda geçiriljek duşuşyklaryň biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gatnaşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýatlady. Şol saparyň dowamynda milli ykdysadyýetleriň bähbitlerini we hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini hasaba almak bilen, özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan we Tatarystan dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz, gämi gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek babatda üstünlikli alnyp barylýan bilelikdäki işlere üns çekildi. Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady.

Gahryman Arkadag Kazana sapar bilen gelmäge iberen çakylygy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, işinde uly üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň