Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanda okaýan türkmen talyplary bilen duşuşyklar geçirildi

10:2616.12.2023
0
29193

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri şu ýylyň dekabr aýynyň 11-14-i aralygynda Hindistanyň Haýdarabad we Pune şäherleriniň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de olarda okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy «Turkmenportala» habar berdi.

Haýdarabad şäheriniň iri bilim ojaklarynyň biri bolan Osmaniýa uniwersitetiniň prorektory, bu uniwersitetiň Nizam kolejiniň direktory, Halkara gatnaşyklary bölüminiň direktory hem-de beýleki resmi işgärleri bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplary barada edýän aladalarynyň çäklerinde ilçihananyň talyplar bilen duşuşyklary yzygiderli esasda guraýandygy nygtaldy.

Şeýle hem, duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, Türkmenistanda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler barada maglumatlar gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

2023-nji ýylda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygyň 28 ýyllygyny giňden bellenilýändigini hem-de baýramçylygyň çäklerinde Aşgabat şäherinde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumynyň geçirilendigi barada hem bellenilip geçildi.

Mundan başga-da, şu ýylyň dekabr aýynyň 4-ne Nýu Deli şäherinde «Magtymguly Pyragy we Gündogaryň medeni dünýäsi» atly ylmy-medeni maslahatyň geçirilendigi hem-de çäräniň dowamynda şahyryň eserleriniň ýygyndysynyň hindi dilinde çap edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň bolandygy barada duşuşyga gatnaşyjylara habar berildi.

Geçirilen duşuşyklardan soňra Haýdarabad we Pune şäherlerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda sport çäreleri geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň