Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Ýol» toý mekany durmuş toýuny belleýän müşderilere özboluşly sowgatlary ýetirýär

10:2115.12.2023
0
26017

Aşgabadyň toý dabaralary merkezinde ýerleşýän «Ak Ýol» toý mekany häzirki wagtda durmuş toýuny bellemek isleýänlere 36 aýa çenli garaşaryna möhletleýin töleg geçirmek şertini hödürleýän ýeke-täk toý mekanydyr.

«Ak Ýol» toý mekanynda durmuş toýuny belleýän ýaş çatynjalar üçin sowgatlyk hyzmatlaryň giň toplumy ýetirilip, ol toý zaly, çadyrlar, toý lybaslary, kürte, gelnalyjy ulagyň bezegi, meşhur aýdymçylary çagyrmak we beýleki hyzmatlary öz içine alýar.

Golaýda «Ak Ýol» toý mekany dürli göçme dabaralar we sadakalar — durmuş toýy, oturylyşyklar hem-de maşgala baýramçylyklary, sadaka we ş.m çäreler üçin çadyrlary kärendesine bermek hyzmatyny ýola goýdy. Şunuň bilen birlikde hem, göçme dabaralary guramak boýunça hyzmatlaryň bitewi toplumy hödürlenýär. Oňa toý stollaryny gurnamak, tejribeli hyzmatçylaryň hyzmatlary hem-de owadan toý bezegleri degişlidir.

Mugt ýetirilýän hyzmatlara bolsa — zalyň bezegi, döwrebap yşyklandyryş we aýdym-saz enjamlary, zalda foto we wideoşekilleri görkezmek üçin ekranlar, lazer şüweleňi hem-de emeli tüsse beriji enjam, şeýle-de toýuň süýjülik torty girýär.

Bu ýerde durmuş toýuny belleýän ähli ýaş çatynjalara «Ak Ýol» toý mekany tarapyndan myhmanhanadan lýuks otag we «Lincoln» gelnalyjy ulagy sowgat berilýär.

«Ak Ýol» toý mekanynyň garaşaryna töleg geçirmek esasynda toý etmek hyzmatyndan peýdalanmak hem-de ýetirilýän sowgatlar barada giňişleýin maglumat almak üçin şu salga baryp bilersiňiz: Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýy, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi. Şeýle-de şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň