Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Ýol» toý dabaralary üçin üç ýyla çenli möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini hödürleýär

10:0925.04.2023
0
40024

«Ak Ýol» dabaralar zaly Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna toý dabarasyny geçirmegiň tölegini 3 ýyla çenli möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini ýatladýar.

Häzirki wagtda «Ak Ýol» Aşgabatdaky iri baýramçylyk çäreleri üçin bölekleýin töleg mümkinçiligini hödürleýän ýeke-täk merkezdir.

Bu hyzmaty almak üçin aşakdaky resminamalar talap edilýär:

  • gelin bilen ýigidiň pasportlarynyň nusgalary;
  • nika şahadatnamasy;
  • iş ýerinden kepilnamalar;
  • zähmet depderçeleriniň nusgalary;
  • girewi hasaba almak üçin zerur resminamalar bukjasy.

Şeýle-de «Ak Ýol» dabaralar zaly ýaş çatynjalara şeýle sowgatlary berýär: tort, zal bezegi, professional yşyklandyryş we ses enjamlary, lazer şüweleňi, tüsse enjamy, myhmanhanada lýuks otag, «Lincoln» kabriolet ulagy, surat we wideo görkezmek üçin ekranlar.

Bölekleýin töleg barada maslahat almak we ýetip gelýän dabaranyň senesini bellemek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi, Bagtyýarlyk köç., 15.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • telefonlar: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň