Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Ýol» toý mekany Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna her adam üçin bahasy kesgitlenen 10 dürli tagamnamany hödürleýär

09:3903.04.2023
0
39914

Aşgabatda ýerleşýän «Ak Ýol» toý mekany toý dabaralary üçin taýýar tagamnama görnüşlerini hödürleýär. Bu hyzmat bilen tanyşmak müşderilere toý dabarasynyň guramaçylygyny meýilleşdirmegi ýeňilleşdirer.

Toý mekany müşderileriň dykgatyna toý we oturyşlyk dabaralary üçin bahasy her adama 150 manatdan başlaýan 6 görnüşli tagamnamany, şeýle-de sadaka bermek üçin bahasy 85 manatdan başlaýan 4 görnüşli tagamnamany ýetirýär.

Dürli görnüşli tagamnamany saýlap almakda «Ak Ýol» toý mekany býujet, dabaranyň dowamlylygy, myhmanlaryň sany ýaly birnäçe aýratynlyklary nazarda tutýar. Tagamnamanyň düzümine esasy görnüşli naharlar we tagamlar girýär: birinji tagamlar, işdäaçarlar, gyzgyn naharlar, içgiler, süýjülikler we miweler.

Şunuň bilen birlikde, müşderiler dürli hili tagamlary bölekleýin we umumylykda getirip bermek hyzmatyndan hem peýdalanyp bilerler.

«Ak Ýol» toý mekanynyň türkmenistanly ýaşlary ajaýyp toý sowgatlary bilen begendirýändigini hem ýatladýarys. «Ak Ýol» toý mekanyny saýlap almak bilen, müşderiler süýjülik tortuny, owadan zal bezeglerini, yşyklandyryş we aýdym-saz enjamlarynyň, lazer şowunyň, bug beriji enjamyň işledilmegini, myhmanhanadan lýuks otagy, «Lincoln» kabriolet ulagyny we başga-da birnäçe zatlary tölegsiz alyp bilerler. Mundan başga-da, toý zalyny 3 ýyla çenli möhlet bilen bölekleýin töleg geçirmek esasynda alyp bolýandygyny bellemek bolar.

Has giňişleýin gyzyklanmak üçin şu telefon belgiler bilen habarlaşmak bolýar: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Ak Ýol» toý mekany «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde, şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý.

Şeýle-de okaň:

Wideo: "Ak ýol" toý mekany dürli görnüşli çäreleri ýokary derejede geçirmäge

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň