Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gaýgysyz Töräýew agyr atletika boýunça Dohada geçirilýän II Gran-pri ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy

08:2410.12.2023
0
19535

Doha şäherinde geçýän (Katar) agyr atletika boýunça II Gran-pri ýaryşyndan hoş habar gelip gowuşdy. Türkmen agyr atletikaçysy Gaýgysyz Töräýew 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmaga mümkinçiik berýän bu ýaryşyň bürünç medalyna eýe boldy.

81 kilogram agram derejesinde bäsleşen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby iki görnüşiň jemi boýunça 338 kilogram agyrlygy boýun egdirdi. Onuň bu görkezijisi bürünç medal bilen bellendi. Ildeşimiz ştangany silterläp galdyrmakda 150 kg, itekläp götermekde bolsa 188 kg agyrlyklary galdyrmagyň hötdesinden geldi. Gaýgysyzyň itekläp galdyrmakdaky görkezijisi onuň (188 kg) şu görnüş boýunça üçünji orny eýelemegini şertlendirdi.

Şu agramda altyn medala Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň türgeni Ri Çon Songa eýe bolsa, ikinji orny indoneziýaly Rahmet Erwin gazandy.

81 kilogram agram derejesindäki ýaryşda ildeşimiz Maksat Meredow hem bäsleşip, ol ýedinji orna mynasyp boldy — 306 kg (silterläp — 135 kg; itekläp — 171 kg).

Gaýgysyzyň medaly türkmen ýygyndysynyň Dohada geçýän abraýly ýaryşdaky ikinji üstünligidir. Birinji üstünlik 67 kilogram agramda ýaryşa çykan türkmen türgeni Bunýad Raşidow tarapyndan gazanylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň